Taryhda iň täsirli beýik şahsyýet

Maýkl H. Hartyň «Taryhda iň täsirli 100 beýik şahsyýet» atly kitabyndan terjime edildi.

«Taryhda iň täsirli 100 beýik şahsyýet» atly sanawymyň başyna Muhammedi ýerleşdirmegimi käbir okyjylar geňlese geňländirem, elbetde, meniň bilen ylalaşmajaklaram tapylar, şeýle-de bolsa taryhda dünýewi hem dini işler babatynda iň ýokary başarnyga eýe bolan ýeke-täk ynsanyň Muhammet bolandygy jedelsizdir.

Muhammet jemgyýetiň garyp gatlagyna degişli bolmak bilen bir hatarda dünýäniň iň uly dinini esaslandyrýar hem şol dini köpçülikleýin ýaýratmagyň hötdesinden gelýär. Şeýdip, ol örän täsirli syýasy lidere öwrülýär. Häzirki wagtda, aradan on üç asyr geçenem bolsa, onuň täsiri entegem güýçli hem-de ählumumy häsiýete eýe.

Bu kitapdaky sanawa girenleriň aglabasy siwilizasiýanyň gaýnap-joşan ýerinde dünýä inipdir, olar ýokary medeniýetli hem syýasy ähmiýetli halklaryň arasynda önüp-ösmegiň bagtyndan peýdalanypdyr. Muhammet bolsa, 570-nji ýylda Mekge şäherinde, günorta Arabystanda, siwilizasiýanyň aralaşmadyk ýerinde, şol wagtky söwda ýollaryndan, sungatdyr bilim ojaklaryndan has alysda dünýä inýär. Alty ýaşynda ýetim galýar, orta tap maşgalada önüp ösýär. Yslamy çeşmeler bize onuň sowatsyz bolandygyny aýdýar. Ýigrimi bäş ýaşynda baý dul aýal bilen öýlenenden soň onuň gün-güzerany birneme gowulaşýar. Kyrkyna baranda bolsa, halatly adamlaryň başda geçirýän ahwalatlaryny başdan geçirýär, durmuşynda munuň bilen bagly alamatlar ýüze çykyp ugraýar.

Araplar aslynda butparaz halk bolupdyr, olar köphudaýlyk ideasyna gulluk edipdir. Şeýle-de bolsa, Mekgede ýaşaýan az sanly jöhitler bilen hristiýanlar hem ýaşapdyr. Elbetde, Muhammet iudaizme we hristiýançylyga hormat bilen garandyr, sebäbi şol dinlerde-de, (başky ýagdaýyny üýtgemän saklanyp galan bolanda) älem-jahany dolandyrýan ýeke-täk gudraty güýçli Hudaýa çokunylýar. Kyrk ýaşyny dolduranda Muhammet (Alladan) ýeke-täk çyn hudaýdan (Jebraýyl atly perişdäniň üsti bilen) wahyý gelýändigini hem-de özüne hakyky dini ýaýratmaklyk buýrulandygyny aýdýar.

Muhammet öz dinini üç ýyllap diňe dost-ýarlarynyň hem tanyş-bilişleriniň arasynda ýaýýar. Soňra 613-nji ýyllar töweregi, köpçülikleýin wagyz etmäge girişýär. Musulmançylygy kabul edýänleriň sany gün-günden artyp ugraýar. Mundan ynjalyksyzlanan Mekgäniň öňdebaryjy kethudalary Muhammetden hemişelik dynmagyň kül-külüne düşýär. 622-nji ýylda Muhammet janyna kast edilmeginden howatyrlanyp, Mekgeden gizlinlikde çykyp gaýdýar, özüniň giň goldaw tapjak ýerine (Mekgeden 200 mil demirgazykda ýerleşýän) – Medine şäherine göçýär.

«Hijret» diýlip at berilýän şol göç Muhammet pygamberiň durmuşynda möhüm öwrülişik bolýar. Mekgede Muhammediň ýaranlarynyň sany azdy. Medinede bolsa onuň agzyna garaýanlaryň sany hele-müçük däldi. Şunlukda ol halkyň agzyny birikdirip biljek ýeke-täk lider hökmünde uly abraýa eýe bolýar. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda, musulmanlaryň sany barha köpelýär, şeýle hem mekgeliler bilen medinelileriň arasynda birentek ganly çaknyşyklar bolup geçýär. Bu çaknyşyklar 630-nji ýylda Muhammediň ýeňiş bilen Mekgä dolanyp gelmegi bilen tamamlanýar. Onuň ömrüniň soňky birýarym-iki ýyly arap taýpalarynyň köpçülikleýin täze dini kabul ediş hadysalaryna baý bolýar. 632-nji ýylda aradan çykanda, Muhammet eýýäm günorta Arabystany sorap oturan hökümdardy.

(dowamy bar)