14) Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) edep-haýasy

Edep, haýa adamda ýagşy gylyklaryň kemala gelmegine, akyl-düşünjesiniň artmagyna sebäp bolýan möhüm häsiýetlerdir. Haýa Allanyň hem-de adamlaryň öňünde özüňi gelşiksiz, utançly ýagdaýa düşürjek erbet sözlerden, hereketlerden daş durmakdyr.

Edep, haýa Pygamberimiziň (s.a.w) şahsyýetinde sözüň doly manysynda şöhlelenipdi, Onuň (s.a.w) ýaşaýşynyň özenine öwrülipdi. Hawa, Resuly-Ekrem (s.a.w) bütin ömrüne hiç kime gatyrganmandy, hiç haçan öwünmändi, tekepbirlik etmändi, kakabaşlygy halamandy. Hemişe süýji sözli, güler ýüzli, kiçigöwünli bolupdy.

Allanyň resulynyň (s.a.w) ýetginjeklik hem-de orta ýaşly döwründe Arabystanyň Hijaz sebitinde ahlaksyzlyk höküm sürýärdi. Jemgyýetde adata öwrülip giden bu erbetlikleri geňleýän hem ýokdy. Emma hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bu ýaramaz işlerden hemişe daş durdy. Allatagala gelejegiň şanly Habarçysyny (s.a.w) bihaýalyklaryň töwereginde görünmekden goraýardy.

Şol döwürler Arabystanda Käbäni ýalaňaç togap etmek, köpçüligiň arasynda ähli geýimiňi çykaryp ýuwunmak ýaly adatlar hem bardy. Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ýek ýigrendigi şuňa meňzeş ahlaksyz hereketlerdi. Ol (s.a.w) Mekgäniň eteklerinde agasynyň goýunlaryny bakyp ýören oglanjyk wagty ýaş-ýeleňleriň ürç edýän şowhun-şagalaňyna gatnaşyp görmek üçin iki günläp yzly-yzyna Mekgä gaýdypdy. Emma her gezegem şagalaň geçirilýän ýere barandan ukusy tutup, şol taýda ýatyp galypdy. Ukudan oýananda toý-meýlis bireýýäm sowlupdy. Şondan soňra hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ynsany bihaýalyga iterýän şol zeýilli toý-meýlislere hiç haçan barmady.[1]

Bir gezeginde kureýşliler Käbede abatlaýyş işini geçiripdiler. Şonda hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hem agalary bilen daş daşap, Beýtullanyň gurluşygyna kömek edipdi. Kureýşiň ýaş-ýeleňleri daş eginlerini ýaralamaz ýaly, bilden aşagyňa çolanyp geýilýän «izar» diýilýän geýimleriniň etegini ýokaryk çekip, eginleriniň üstünde tokgalap goýýardylar. Emma izaryň uçgury çözülip, etegi ýokaryk çekilenden soňra olaryň uýat ýerleri açylýardy. Entek ýaňy ýetginjeklik çagyna eren hezreti Muhammet (s.a.w) hem bir gezek deň-duşlarynyňky ýaly etjek bolanda, görünmeýän bir el (perişde) Onuň (s.a.w) etegini zarp bilen aşak çekdi. Şeýdip, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) gelşiksiz ýagdaýa düşmekden halas boldy.[2]

Ýokarda berlen mysallardan, hezreti Muhammediň (s.a.w) yslam dininiň gelmezinden öňki döwürde-de ylahy gözegçiligiň astynda bolandygyny, edep-haýa sygmaýan iň bir kiçijik hereketden hem goralandygyny görmek bolýar. Ony (s.a.w) Allatagalanyň hut Özi terbiýeläpdi. Haktagalanyň terbiýesi bolsa, iň gözel terbiýedir.[3] Yslam dini gelenden soňam Resuly-Ekrem (s.a.w) her bir zatda bolşy ýaly, ahlak kämilliginiň iň möhüm esasy bolan edep-haýa meselesinde-de töweregindäki adamlar üçin iň ajaýyp nusga bolupdy. Ebu Said el-Hudri (r.a) hezretleriniň dili bilen aýtsak, söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) haýa-utanjaňlyk babatynda ulugyzdan hem utanjaňdy, edeplidi.[4]

Ebu Said el-Hudri (r.a) hezretleriniň bu sözlerini okanyňda, Resuly-Ekremiň (s.a.w) nähili utanjaňdygyna göz ýetirýärsiň. Ol (s.a.w) hiç haçan gybat etmezdi, etdirmezdi, bolar-bolgusyz gep-gürrüňleriň ýaýylmagynyň öňüni alardy, başga kişileriň aýdan gepleriniň özüne ýetirilmegini-de dogry hasaplamazdy. Kişiniň aýbyny ýüzüne aýtmazdy. Käbir adamlarda görýän kemçiliklerini olaryň adyny agzaman, köpçüligiň arasynda umumy gürrüň edip aýdardy. Adamlara şonuň ýaly erbetliklerden gaça durmalydygy barada nesihat ederdi. Çünki ahlak gymmatlyklarynyň özeni bolan utanç-haýa duýgusy gowy hasaplanýan her bir zada ýol açýar, erbet hasaplanýan her bir zatdan saklaýar. Bu sebäpden edepli, utanç-haýaly kişi erbet söz aýtmaz, gelşiksiz hereket etmez.

Utanç-haýany iman bilen baglanyşdyrýan söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) örän utanjaňdygy zerarly dostlary tarapyndan ýazgarylýan kişi hakynda «Oňa zat diýmäň (ony utanjaňlygyndan ýüz öwürtjek haýsydyr bir zada mejbur etmäň)! Çünki haýa imandandyr» diýipdi. Başga bir ýerde bolsa hezreti Pygamberimiz (s.a.w) sahabalaryna utanç-haýanyň adamy bezeýän ruhy gözellikdigini ýatladyp, hemişe edep-haýaly bolmalygydy barada nesihat edýärdi.

Hakyky haýa öňi bilen Alladan utanmaklykdyr. Elbetde, ýüzüňi gyzardýan, ar-namysyňa, mertebäňe çirk ýetirýän, ahlagy bozýan her dürli erbetliklerden gaça durmaly. Emma günälere meýil etdirýän her hili şeýtany duýgularyňa erk edip, sözüň doly manysyndaky utanç-haýaly bolmagyň Allatagaladan utanmaga baglydygyny ýatdan çykarmaly däldiris. Halk arasynda ýörgünli bolan şu aýtgy hemmämize mälimdir: «Alladan utanmaýan bendesinden-de utanmaz!» Utanç-haýa hakyndaky hadysy-şeriflerden gözbaş alýan bu atalar sözünde uly many bar. Eger edep-haýalylygy bilen tanalýan bir kişi saý-sebäp bilen bir gaflata düşüp, günä işe baş goşaýsa, oňa «Bolşuň nähili, utanaňokmy?!» diýmek ýeterlikdir. Ol şeýle duýduryşy alan badyna erbetliklerden daşlaşmak bilen bolar, utançly ýagdaýa düşendigine aň ýetirer, eden işine ökünmek öküner. Esasan, yslamy düşünjä görä, edilen günä iş adamyň kalbyny, içki dünýäsini birahat edýär. Ine, şu ýerde utanç-haýa duýgusy islendik sözüň, hal-hereketiň günä ýa-da däldigini saýgarmaga ýardam edýän duýduryjy hyzmaty ýerine ýetirýär. Başgaça aýtsak, awtoulagly barýan sürüji üçin ýol hereketini düzgünleşdiriji belgileriniň ähmiýeti nähili uly bolsa, haýa duýgusy hem ruhy ýoldan gidip barýan adam üçin örän möhüm bolup, ýolagçyny her hili betbagtçylyklara sezewar bolmakdan, gorpa ýykylmakdan goraýar. Utanç-haýany erbetlikleriň öňüni alýan, olardan goraýan gala, berkitmä-de meňzedip bileris. Eger haýa diýilýän diwar ýykylsa, erbet, günä işler dumlu-duşda rowaç tapar, betbagtçylyklaryň yzy kesilmez. 


[1] Ibnül-Esir, «El-Kamil», II, 38.

[2] Ibn Hişam, «Es-Siretün-Nebewiýýe», I, 194.

[3] Münawi, «Et-Teýsir», I, 14.

[4] Sahyh-y Buhary Muhtasary, Tejrid-i Saryh Terjimesi, IX, 276; Ibn Sad, «Tabakatül-Kübra», I, 368.