Pygamberimiz (s.a.w) goňşy döwletleriň hökümdarlaryna iberýän hatlaryny möhürlemek üçin üç setire sygdyrylan «Muhammed Rasulalla» diýen ýazgyly möhür ulanýardy. Bu ýazgy hakyk daşynyň ýüzüne ýazylan bolup, möhüriň galyby kümüşdendi. Pygamberimiz (s.a.w) ýüzük şekilinde bolan bu möhürini barmagyna dakynýardy. Ol (s.a.w) ýazdyran hatlaryny möhürlemek üçin ýüzügi barmagyndan çykarardy, möhürini basandan soňra ýene-de barmagyna dakardy.
Sahabalaryň gürrüň bermegine görä, Pygamberimiz (s.a.w) ýörände agraslyk bilen her basan ädimine üns berip, howlukman ýörärdi. Hiç haçan aýagyny ýerden süýräp almazdy, ýa bolmasa tapyrdyp ses çykarmazdy. Gyssanmaç bolaýmasa, özüne artykmaç agram salyp, howlugyp ýöremezdi.
Resuly-Ekrem (s.a.w) kä dyzyna çöküp otursa, käte-de aýbogdaşyny gurup oturardy. Käwagt bolsa uýluklaryny garnyna çekip, ellerini dyzlarynyň üstünden baglap oturardy. Uzanyp dynç alýan wagty, uýat ýerleriniň açylmazlygyna üns bererdi. Oturan wagty sag ýa-da sol tarapyna ýassyk dirärdi. Emma nahar başynda ýaplanmazdy. Sebäbi bu hereket nadanlyk döwrüniň adaty bolup, tekepbirligiň, men-menligiň alamaty saýylýardy. Pygamberimiz (s.a.w) bolsa kiçigöwünliligiň nusgasydy.
Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) gündelik durmuşynda aňrybaş edebe ýugrulan ýaşaýşy, gepleýşi, ýöreýşi, oturşy-turşy, adamlar bilen gepleşen wagty güler ýüzlüligi, salykatlylygy bilen göreniň ünsüni özüne çekerdi. Pygamberimize (s.a.w) gözi düşen her bir musulmanyň kalbyna rahatlyk aralaşýardy hem-de Oňa (s.a.w) bolan egsilmez söýgi, çuňňur hormat döreýärdi.