Resuly-Ekrem (s.a.w) eginbaşynyň tämizligine, göze gelüwliligine uly üns bererdi. Ykjamdan gelşikli geýnerdi, sallam-sajak bolup ýörmegi halamazdy. Ol (s.a.w) geýýän eşiginiň matasy könelip, sary gidýänçä geýerdi. Täze lybas geýen wagty bolsa Alla şükür edip, egnine täze geýen geýminiň haýyrly bolmagyny dilärdi. Lybasy bilen örtýän beden agzalarynyň şerinden Alla sygynardy.
Pygamberimiz (s.a.w) geýýän eşiginiň reňkiniň çala solany üçin ony bir gyra taşlamaýardy. Ol (s.a.w) mümkingadar, alabeder, nagyşly, güli has köp bolan ýa-da göze ilginç ýiti reňkli lybaslary geýmezlige çalyşýardy. Owadan, gelşikli geýinmeklige ähmiýet berýärdi.
Pygamberimiz (s.a.w) hiç haçan geýim-gejimi bilen öwünmezdi. Aňrybaş, gymmatbaha lybaslary geýmezdi. Çünki Oňa (s.a.w) görä egin-eşik yssydan, sowukdan goranmak, adamlar bilen özara gatnaşykda bolmak, jemgyýetde ýaşamak we dine hyzmat etmek üçin ulanylýan serişdedi.
Umuman, Pygamberimiziň (s.a.w) geýinmekden maksady sadadan arassa, ykjam, özüňe gelişýän lybaslary geýmekden hem-de gelşikli, salyhatly görünmekden ybaratdyr. Ol (s.a.w) diňe geýmäge zady bolmadyk wagty egin-eşik satyn alardy. Bu sebäpden Ol (s.a.w) işilen ýüplükden, ýüňden, pagtadan, hatda geçiniň çöpürinden dokalan lybaslary hem geýerdi. Aňrybaş pespällik, kiçigöwünlilik bilen «Men hem ejiz gul» diýerdi.
Älemleriň Serweri (s.a.w) özüne garyp durmuşy, gün-güzerany pes ýönekeý medineli ýaly ýaşamagy rowa görüpdir. Mundan has oňat ýaşamaga gurby çatan wagtlarynda-da öňküje sada ýaşaýşyndan üýtgemändir. Ol (s.a.w) sahabalaryň getirýän zatlaryny, hususan-da hezreti Aýşäniň (r.a) otagynda kabul edýän sowgatlarynyň köpüsini garyp-pukaralara hem-de Suffa talyplaryna paýlaýardy. Muňa garamazdan, Resuly-Ekrem (s.a.w) musulmanlara halaldygyny görkezmek hem-de kadaly iýip-içmegiň ähmiýetini bildirmek üçin dürli-dümen iýmitlerden hem iýipdir. Meselem, towuk eti, käbir guşlaryň eti, goýun etinden taýýarlanan kebap, kakadylan et (tüssä kakadylan et), süýt, bal, peýnir bularyň käbirleridir. Şeýle hem zeýtun ýagy, sirke, kädi, tirit, gowrulan un hem-de halwa ýaly nygmatlar Onuň (s.a.w) mübärek suprasynda tapylypdyr. Pygamberimiz (s.a.w) her gün şol bir tagamy iýmändir, mümkin boldugyndan her gün olary üýtgedipdir. Iýýän naharlaryna käwagt burç, zenjebil, dalçyn ýaly hoşboý ysly otlary hem sepeläpdir. Arpa çöregi bilen hurma Onuň (s.a.w) bereketli saçagynyň hemişelik höregi bolupdyr. Resuly-Ekrem (s.a.w) kähalatlarda uzak wagtlap bu ikisi bilen oňňut edipdir.
Pygamberimiz (s.a.w) nahar iýmezden öň ellerini ýuwardy. Nahardan soňra-da ellerini ýuwardy hem-de agzyny çaýkardy. Nahara «Bismillä» bilen başlardy, iýip bolandan soň «Elhamdulillä» diýerdi. Supranyň üstünde nahar ýa-da çörek galyndysynyň galdyrylmagyna, olaryň zibile atylmagyna ýol bermezdi. Nahar iýilýän wagty rugsat soraman, hemmelerden öň turulmagyny halamazdy. Doýýança iýmezdi, supradaky goýlan tagamlaryň hiç birine göwnüýetmezçilik etmezdi. Halasa iýerdi, halamasa iýmezdi. Myhmançylyga çagyrylsa, wagtynyň boldugyndan irinmän giderdi. Suw içende düýbi görünýän gapdan içerdi. Bal şerbetini, «nebiz» diýilýän hurma şerbetini hem-de täze üzüm şerbetini gowy görerdi.