Hezreti Pygamberimiz (s.a.w), esasanam, töweregindäkileri birahat etjek derejede ýiti bolmadyk reňksiz hoşboý ysly müşk-anbarlar hödür edilende höwes bilen kabul ederdi. Reýhanyň gülüni we beýleki hoşboý ysly gülleri-de gowy görerdi.
Hezreti Aýşäniň aýtmagyna görä, Pygamberimiz (s.a.w) haýaljakdan geplärdi. Her sözüniň arasynda dyngy bererdi. Hatda diňleýän kişi Onuň (s.a.w) sözlerini ýat hem tutup bilýärdi. Resulalla (s.a.w) adamlaryň has oňat düşünmekleri üçin käbir zatlary üç gezek dagy gaýtalaýardy. Şeýlelikde, gürrüňi edilýän mesele hemmeler üçin doly düşnükli bolýardy.
Pygamberimiz (s.a.w) sözlän wagty diňleýjiniň aň derejesini göz öňüne tutardy. Hezreti Aýşe (r.a) bu barada: «Resulalla (s.a.w) geplände sözlerini siziňki ýaly yzly-yzyna sugşuryp geplemeýärdi. Her sözüniň arasyna dyngy berip, alňasaman sözleýärdi. Şonuň üçin Onuň (s.a.w) aýdýan her kelamy diňleýänleriň köňüllerine nagyş bolup ýazylýardy».
Jabir bin Semuräniň (r.a) aýtmagyna görä, Pygamberimiz (s.a.w) gülende aňrybaş edeplilik bilen gülerdi. Onuň (s.a.w) gülmegi ýylgyryşdan ybaratdy. Hind bin Ebu Haläniň (r.a) habar bermegine görä, Pygamberimiz (s.a.w) ýylgyranda mübärek dişleri dür mysaly görnerdi.
Abdulla bin Haris (r.a) hezretleri hem söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w) nazarkerdeligi, güler ýüzlüligi hakynda şeýle gürrüň berýär: «Resulalladan köp ýylgyran kişini görmedim».
Pygamberimiz (s.a.w) uklanda sag tarapyna öwrülip ýatardy we şeýle dileg ederdi: «Eý, Rebbim! Meni gullaryňy täzeden direltjek günüň azabyndan goraweri!»
Resulalla (s.a.w) ýatmazyndan öňinçä şu dilegleriň birini edýändigi barada-da aýdylýar: «Eý, Allam! Seniň adyň bilen ýatýaryn, Seniň adyň bilen turýaryn!»
«Bize iýdiren, içiren, gerek hajatymyzy beren, öýümize ýygnan (köňlümizi şat eýlän) Alla hamdy-senalar bolsun! Iýesi-içesi gelýän zadyny tapyp bilmeýän, agşam düşende bolsa barara ýeri bolmaýan nijeme barlyklar bar!»
Pygamberimiz (s.a.w) ukudan oýananda bolsa şeýle dileg ederdi: «Bizi ukladandan soňra oýandyran Alla hamdy-senalar bolsun! Ýene Onuň huzuryna gaýdyp bararys!»