Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hemişe tertipli, serenjamly ýaşamaga çalşardy. Musulmanlara-da her bir zatda düzgünli, salyhatly bolmagy ündärdi.
Bir gün Resulallanyň (s.a.w) ýanyna saç-sakgaly imeşik bir adam geldi. Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) oňa gidip, üst-başyny düzedip gelmegini yşarat etdi. Ol hem gidip, saç-sakgalyny darap geldi. Şondan soň Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýdi: «Siziň şeýtan ýaly saç-sakgaly bulaşyk görünmegiňizden, ine, şunuň ýaly sypaýy bolmagyňyz has gowy dälmi eýsem?!»
Başga bir gün Resulalla (s.a.w) kirlän egin-eşigi bilen köpçüligiň arasynda gezip ýören birini görkezip: «Bu kişi kirlän geýmini ýuwaýmaga hiç zat tapmadymyka?!» diýipdi.
Resuly-Ekrem (s.a.w) beden tämizligine, geýim-gejimiň päkizeligine, iýlip-içilýän zatlaryň, öýüň, köçäniň arassalygyna uly üns bererdi. Munuň bilen bir hatarda ynsanyň kalby hem-de ruhy päkliginiň ähmiýetini-de öwran-öwran nygtardy. Ol (s.a.w) hut şonuň üçin «Musulman – elinden we dilinden musulmanlara zyýan gelmeýän kişidir» diýýärdi.[1] Resulalla (s.a.w) bu hadysyň üsti bilen jemgyýetiň arasynda ygtybarly, ynamdar kimseler bolmalydygy babatynda musulmanlaryň üstüne uly jogapkärçilik ýükleýärdi. Bu sebäpden hezreti Pygamberimiz (s.a.w) geplände ýalan sözleýän, beren sözünde tapylmaýan, özüne ynanylan amanada hyýanat edýän kişileri ikiýüzlilikde aýyplapdyr. Çünki beýle hatalary goýberen musulmanlar sözüne ynam edilýän kişi bolmakdan uzaklaşýar. Pygamberimiz (s.a.w) kalp hakynda-da şeýle diýýär: «Dykgatly, seresap boluň! Bedeniň içinde şeýle bir et bölejigi bardyr, ol gowy bolsa, bütin beden gowudyr, eger erbet bolsa, tutuş beden erbetdir. Şol et bölejigi kalpdyr!»[2]
Ruhy jähetden seredilende, kalp özboluşly bir simwoldyr. Ol haçanda ahlak gymmatlyklary bilen iýmitlenende, eýesine ýol görkezer. Her dürli erbetliklerden saplanan kalba eýe bolan adamda içki hem-de daşky gözellik peýda bolmaga başlaýar. Eger-de kalp bozulan bolsa, onda şol kişiden haýsydyr bir gowulyga garaşmak gury hyýaldyr. Ruhy iýmitlendirmek bolsa yhsan[3] duýgusyny herekete geçirmek bilen mümkindir. Ýagny musulman kişi aňynda ahlak gymmatlyklaryny oturtmaga, edýän her bir işini, hereketini kemçiliksiz ýerine ýetirmäge çalyşmalydyr. Munuň üçin bolsa edýän her bir işini, bütin duýgy-düşünjelerini Allatagalanyň görüp-bilip durandygyny, özüniň hemişe ylahy gözegçiligiň astyndadygyny duýmagy başarmalydyr. Bu hakykaty hergiz unutmaýan kişi durmuşda ýalňyşlyk goýbermekden, ýüzüni gyzartjak islendik hereketi etmekden gaça durar, şeýdibem ruhy päkligi, dogrulygy, gowulygy, içki hem-de daşky gözelligi gazanar. Allatagala biziň «Eý, Rabbymyz! Bize dünýäde-de, ahyretde-de gowulyk ber!» diýip dileg etmegimizi buýurýar. Biz bu aýatyň musulman kişiniň hem ahyretini, hem-de bu dünýäsini alada etmelidigini görkezýändigine düşünýäris. Emma onuň bu dünýäsi bitertip, dagynyk bolmaly däldir. Ine, hezreti Pygamberimiz-de (s.a.w) köňül päkligine, mylakatlylyga, daşky sypatyň göze ýakymly bolmagyna hem-de içki gözellige aýratyn ähmiýet berýär. Onuň (s.a.w) şu hadyslary hem bu babatda çuňňur mana eýedir: «Alla gözeldir, gözelligi hem söýer», «Alla her bir zatda yhsany (ruhy hem-de keşp taýdan gözel, salyhatly bolmagy) buýurdy».
«Bir adam haýsy işi edende-de, Alla şol işiň iň gowy görnüşde edilmegini söýer» diýýän söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) hatda gabyr gazylanda-da onuň göwnejaý gazylmagyny, merhum jaýlananda, onuň guburynyň gelşikli edilip galdyrylmagyny buýurýar. Ol (s.a.w) bir gün gölegçi bolup, (ähtimal, ogly Ygraýymyň jynazasynda) gonamçylyga gitdi. Merhumy içki jaýyna ýerleşdirip, üstüni örtdüler. Emma gabryň gazylyşynda nätakyklyk bardy, onuň bir tarapy egri görünýärdi. Şonda Pygamberimiz (s.a.w) dessine onuň düzedilmegini buýurdy. Ýanyndaky duranlar «Bu merhumy birahat edermi?!» diýip soranlarynda, Pygamberimiz (s.a.w) bu sowala şeýle jogap berdi: «Ýok! Hakykatda, bu merhumy ne birahat eder, ne-de arkaýyn. Men (bu gabry) dirileriň gözüne gelşikli görünmegi üçin düzetdirýärin!»
Bir söz bilen aýdanymyzda, hezreti Muhammet (s.a.w) musulmanlaryň düzgün-tertipli ýaşamagyny, olaryň bedenleriniň we ýürekleriniň tämiz, ruhy we beden taýdan gözel, her bir işi inçeden nepis edip, birkemsiz ýerine ýetirýän, jemgyýetiň arasynda islendik meselede ynam bildirilýän ygtybarly kişiler bolmagyny isleýär.
[1] Sahyhy-Buharynyň Muhtasary. Tejridi-Saryh Terjimesi, I, 29.
[2] Buhary, «Iman», 39.
[3] Yhsan duýgusy – Sen Allany görmeseň hem, Onuň seni görüp durandygyny, her bir hal-hereketiňden habardardygyny bilmek duýgusy.