Ägirt uly kitaba çalymdaş şu älemiň iň gizlin syrlaryny açan, olary adamzada öwreden Oldur (s.a.w).
Onuň (s.a.w) öwreden ylmyndan binesip pelsepeçi älemiň ýaradylmagynyň asyl manysyna, hikmetine akyl ýetirip bilmez. Waswaslygyň we şübheleriň girdabynda gark bolar, kalbyny, ruhuny ýitirer, ters ugra tutdurar. Özi bilen bile nijeme ynsany-da ýoldan çykarar.
Onuň (s.a.w) Kuran ahlagyny özüne ýol görkeziji edinmeýän wagyzçy, Onuň salgy berýän ýörelgelerini kabul etmeýän sosiolog adamlary ahlaksyzlyk, betbagtlyk girdabyna gark eder.
Ondan (s.a.w) ylham almaýan ýazyjynyň eserleri elmydama ruhy taýdan egsik bolar.
Onuň (s.a.w) sözleýiş tärini bilmeýän,Ondan ugur almaýansuhangöý diňleýjileriniň ýüreklerine, ruhlaryna çuňňur täsir edip bilmez.
Onuň (s.a.w) kämil edebininusga edinmeýänedep-terbie öwrediji biedeplik laýyna çümer, bu batga başgalary-da batyrar.
Onuň (s.a.w) harby syýasatyny bilmeýänserkerde ýeňilmekden, serkerdeligine baýrynyp edýän zulumyndan, wagşylyklaryndan halas bolup bilmez.
Onuň (s.a.w) dolandyryjylyk ussatlygyny bilmeýändolandyryjynyň bütin ömrüne lap edip aýdarlyk bitiren işi bolmaz.
Äleme, ynsanlara Onuň (s.a.w) bakyşy ýaly garamaýan senetkär tebigatparazlykdan saplanyp bilmez.
Onuň (s.a.w) söýgä, mähir-muhabbete ýugrulan terbiýe dessurlaryny bilmeýänmugallymişinde başarjaň bolup bilmez.
Köp zady unutdyran, könelden, hatda ýitirim eden wagt Älemleriň Serweriniň (s.a.w) nurana sesini unutdyrmak, peseltmek beýlede dursun, gaýta, söýgi we arzuw bilen has güýçlenen görnüşinde şu günlerimize ýetiripdir. Onuň mukaddes sedasy tä kyýamata çenli mundan hem has dury ýagdaýda dowam eder. Bu gün Onuň Sagadat asyryndan döwrümize çenli dowam edip gelen mukaddes ýaňy ruhlarymyza, köňüllerimize, wyždanlarymyza aýratyn süýjülik, aýratyn tolgunma, aýratyn dabara çaýýar. Bize täze ömür, täze söýgi, täze umyt, daýanç, gaýrat berýär.
Şeýle beýik Pygamberiň (s.a.w) nusga alarlyk ömrüni ýazmak, bu nur çeşmesinden asyrymyzyň tümlügini ýagtyltjak şöhleler bermek, elbetde, örän uly we jogapkärli iş. Bu işiň jogapkärçiligi bilen birhatarda örän duýgur, dykgatly bolunmalydygy hem bes-belli. Şu wagta çenli Pygamberimiziň (s.a.w) ömri ýüzlerçe gezek ýazyldy. Emma Onuň ynsanlyk şahsyýeti bilen pygamberlik wezipesinden gelen ruhy şahsyýeti deň derejede görkezilmedi.