Resulallanyň (s.a.w) sahabalarynyň wasplary Töwratda we Injilde ýazylgydyr

«Olar öz ýanlaryndaky Töwratda we Injilde (häsiýetleri) ýazylan ol ümmi (okamagy ýazmagy bilmeýän) pygambere tabyn bolarlar. Ol pygamber olara dine laýyk gelýän zatlary emir eder‚ erbetlikleri gadagan eder‚ olara päk zatlary halal‚ näpäk zatlary bolsa haram eder‚ gerdenlerindäki agyr ýükleri‚ arkalaryndaky zynjyrlary aýryp taşlar. Oňa iman getiren‚ ony goldan‚ oňa kömekçi bolan hem-de onuň bilen inderilen nura tabyn bolanlar bolsa bagtyýarlyga ýetenlerdir» («Engam» süresi, 7/157).

«Muhammet Allanyň ilçisidir. Onuň ýanyndaky (möminler) bolsa kapyrlara ýowuz, öz aralarynda bolsa (biri-birlerine) rehimlidirler. Sen olaryň, Allanyň pazly-keremini we razylygyny isläp, rukug we sežde edýändiklerini görersiň. Olaryň ýüzlerinde (maňlaýlarynda) sežde yzyndan (galan) alamat-nyşan bardyr. Bu olaryň Töwratdaky (beýan edilen) aýratynlyklarydyr. Olaryň Injildäki (beýan edilen) aýratynlyklary bolsa gögerip, gitdigiçe güýçlenip ýognaýan we öz göwresine daýanýan bir ekin (ösümlik) mysalydyr. (Bu ekin) daýhanlaryň göwnüne ýarandyr. Bu (Allanyň şeýdip, şu ekin ýaly musulmanlary köpeldip, güýçlendirmek bilen) kapyrlaryň (has hem) gaharyny getirmek üçindir. Alla iman getirip, ýagşy işleri edýänlere ýalkaw hem-de uly sylag wada berýär» («Feth» süresi, 48/29).

Sahabalar: imanda wepadarlygyň we ýürekdenligiň janly heýkelleri

«Şeýle-de (Allanyň beren bu oljalary) Allanyň fazly-keremini we razylygyny gözläp, Allanyň (dinine) we pygamberine kömek bermek üçin ýurtlaryndan çykarylan hem-de emläklerinden (jyda düşen) ol hijret (göç) eden garyp-gasarlara degişlidir. Olar dogruçyllaryň hut özleridir. Olardan (hijret edenlerden) öň ol ýurtda (Medinede) ýerleşenler (ensarlar) we (ýürekden) iman getirenler bolsa (öz diýarlaryna) hijret (göç) edenleri söýerler we olara berlen (oljalar) sebäpli ýüreklerinde isleg (görübilmezçilik) duýmazlar (bahyllyk etmezler). Hatda özleri mätäç bolsalar hem, (olary) öňe sürdüler (olara maddy kömegiň edilmegini teklip etdiler). Kim nebsiniň bahyllygyndan özüni gorasa, halas boluşa (hem-de üstünlige) ýetenler hem şolar bolar!» («Haşr» süresi, 59/8-9).

«Müminleriň arasynda Alla beren wadalarynda duran ençeme mert ýigitler bardyr. Olaryň bir topary bu ýolda şehit boldy, bir topary bolsa (oňa) garaşýarlar. Emma olar beren sözlerini hiç haçan üýtgetmediler. Çünki Alla (imanyna) wepaly kişileri dogruçyllyklary sebäpli sylaglar, mynapyklara bolsa, islese azap berer, (eger toba etseler welin) tobalaryny kabul eder. Hiç şübhesiz, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr» («Ahzab» süresi, 33/23-24).