“Eý, pygamber! Biz seni şaýat, buşlukçy we duýduryjy edip iberdik. Seni Allanyň rugsady bilen Allanyň ýoluna çagyryjy we nur saçýan çyrag hökmünde iberdik”. (Ahzab, 35/45-46)
“Eý, resulym! Biz seni tutuş adamzada diňe buşlukçy we duýduryjy hökmünde iberdik. Ýöne adamlaryň köpüsi muny bilmez”. (Sebe, 34/28)
“Biz seni (iman getirip, ýagşy işler edenlere jenneti) buşlaýjy we (inkär edenlere beriljek azaby) duýduryjy edip iberdik”. (Furkan, 25/56)
“(Eý, Muhammet!) Biz seni tutuş adamzada rahmetiň ýoluny görkezmegiň üçin iberdik”. (Enbiýa, 21/107)
“Allatagala ähli dinlerden üstün geler ýaly pygamberine hak ýoly hem-de hak dini görkezendir. Alla şärik goşýanlaryň janyna ýakmasa-da bu şeýledir. (Saf, 61/9)
Älemleriň Rabby bolan Allanyň kitabynda Hezreti Pygamber barada (s.a.w) şeýle sözler aýdylandyr:
“Şübhesiz, Alla meniňem, siziňem Perwerdigäriňizdir. Şonuň üçin diňe Oňa ybadat ediň! Ine, dogry ýol şu ýoldur”. (Aly-Imran, 3/51)
“(Eý, Muhammet!) Aýt: «Şübhesiz, meniň Perwerdigärim meni dogry ýola, hanyf bolan (haka ýönelen) Ybraýymyň (dinine) ýetirdi. Ol (Ybraýym) (hiç haçan) Allaha şärik goşmady. Aýt: «Şübhesiz, meniň okan namazym‚ (haj we gurban kesmek ýaly) ybadatlarym‚ ýaşaýşym‚ ölümim älemleriň Perwerdigäri bolan Alla üçindir. Onuň (hiç hili) şärigi ýokdur. Maňa diňe bu (yhlas) emir edildi. Oňa (bu ymmatdan) ilkinji musulman (boýun) bolan mendirin.” (Engam, 161-163)
“Eý‚ iman getirenler! Allaha we Onuň ilçisine boýun boluň‚ (Kuranyň we Allanyň ilçisiniň) öwütlerini eşidip durkaňyz‚ ondan ýüz öwürmäň!” (Enfal, 8/20)
“Allaha we Onuň ilçisine boýun boluň‚ hergiz biri-biriňiz bilen agzala bolmaň‚ ýogsa dowla düşüp badyňyz gowşar‚ güýç-kuwwatyňyz gider!”. (Enfal, 8/46)
“Eý, iman getirenler! Allaha boýun boluň! Pygambere we özüňizden bolan (musulman, adalatly) baştutanlaryňyza boýun boluň! Eger Allaha we ahyrete ynanýan bolsaňyz, (bir meselede) düşünişibilmän jedelleşseňiz, Allaha (Kurana) we pygambere (hadyslara) ýüz tutuň! Bu (siziň üçin) has haýyrlydyr we netije taýdan has oňatdyr”. (Nisa, 4/59)
Allanyň Resuly (aleýhissalatu wessalam) şeýle diýdi: “Kim maňa boýun bolsa, onuň Allaha boýun boldugydyr. Kim-de maňa garşy çyksa, onuňam Allaha garşy çykdygydyr”.
Allanyň Resuly (aleýhissalatu wessalam) ýene bir ýerde: “Kesirlik edip uzak durýanlardan başga, ymmatymyň ählisi jennete girjekdir!” diýýär. “Kesirlik edenler kim?” diýip soralanda bolsa, “Kim maňa boýun bolsa, jennete girer, kimem asy bolup (boýun bolmasa) onuň kesirlik etdigidir!” diýip jogap berýär.[1]
“Aralarynda höküm bermegi üçin Allaha we Onuň ilçisine çagyrylan mahaly müminleriň agzyndan çykýan ýekeje söz: «Eşitdik we tabyn bolduk» diýen sözlerdir. Halas bolanlaram ana şolardyr. Eger kim Allaha we Onuň ilçisine tabyn bolup, Allanyň azabyndan gorksa, ebedi üstünlik gazananlar şolar boljakdyr”. (Nur, 24/51-52)
“Mümin erkekler bilen mümin zenanlar biri-birleriniň hemaýatkärleridir. Olar ýagşylygy ündärler‚ ýamanlykdan alyp galarlar, namazy bolmalysy ýaly berjaý edip‚ zekatyny berip‚ Allaha we Onuň ilçisine boýun bolarlar, ana‚ Alla şolary Öz rahmetine gowuşdyrar. Çünki Alla Gudraty güýçlüdir‚ hikmet eýesidir”. (Toba, 9/71)
“Pygamber size nämäni berse, ony alyň, nämäni gadagan etse, ony taşlaň! Alladan gorkuň! Şübhesiz, Allanyň jezasy örän ýowuzdyr”. (Haşr, 59/7)
“Biz hiç bir pygamberi, Allanyň rugsady bilen, özlerine boýun bolunmagyndan başga maksat bilen ibermedik. Eger olar (halkyň) (günä işlemek arkaly) öz-özlerine zulum eden pillesi seniň ýanyňa gelip, günäleriniň geçilmegini Alladan sorasadylar, sen hem olaryň günäleriniň geçilmegini sorasadyň, elbetde, olar Allanyň tobalary kabul ediji, diýseň rehimlidigini görerdiler”. (“Nisa”, 4/64)
“Sen olara şeýle diý: «Siz Alla we Onuň ilçisine boýun boluň! Eger ýüz öwürseňiz (bilip goýuň), pygambere diňe öz üstüne ýüklenen (borç) düşer, size hem öz üstüňize ýüklenen (borç) degişli bolar. Ýöne oňa boýun bolsaňyz, dogry ýoly taparsyňyz. Pygamberiň etmeli işi bolsa diňe äşgär tebligden (dini düşündirmekden) ybaratdyr». Ýene-de aýt: «Alla sizden iman getirip, ýagşy işleri edenleri özlerinden öňküleri hökmürowan edişi ýaly, ýeriň ýüzünde hökmürowan etjekdigini we olar üçin Özüniň razylyk bildiren yslam dinini pugtalandyryp ýerleşdirjekdigini we gorkularyndan soň olara howpsuzlyk, asudalyk berjekdigini wada etdi. Çünki olar Maňa (Alla) ybadat ederler, hiç bir zady Maňa şärik goşmazlar. Eger kim mundan beýläk (hak dini) inkär etse (we şol nygmatlara näşükürlik etse), (bilip goýsunlar) olar azgyn adamlardyr. Özüňize merhemet edilmegi üçin namazy berjaý ediň, zekat beriň we pygambere boýun boluň!” (“Nur”, 54-56)
“Merhemet edilmegiňiz üçin Alla we pygambere tabyn boluň!”. (“Aly-Imran”, 3/132)
“Eý, iman getirenler! Alladan gorkuň we dogry sözläň! (Bu sebäpli) Alla siziň işleriňizi ugruna eder we günäleriňizi geçer. Kim Alla we Onuň ilçisine tabyn bolsa, ol örän uly üstünlige ýeter”. (“Ahzab”, 33/70-71)
“Kim Allaha we pygambere boýun bolsa, ine, olar Allanyň nygmatlaryna mynasyp bolan pygamberler, syddyklar, şehitler, salyhlar bilen bile bolarlar. Bular nähili ajaýyp dostlardyr! Bu pazly-kerem Alladandyr. (Bulara kimiň laýykdygyny) Allanyň bilmegi ýeterlikdir!”. (“Nisa”, 4/69-70)
“Ine, bular Allanyň goýan çäkleridir. Kim Alla we Onuň ilçisine boýun bolsa, Alla ony içinden derýalar akyp duran jennetlere ýerleşdirer. Olar ol ýerde ebedi galarlar. Ine, bu (iň) uly üstünlikdir”. (“Nisa”, 4/13)
“(Eý, Muhammet!) Aýt: «Eger Allany söýýän bolsaňyz, maňa tabyn boluň! (Şonda) Alla hem sizi söýer we günäleriňizi bagyşlar. Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr»”. (“Aly-Imran”, 3/31)
“(Eý, müminler) elbetde, siziň üçin, Alladan we ahyret gününden umydygärler hem-de Allany köp-köp yat edýänler üçin Allanyň pygamberinde iň gözel görelde bardyr”. (“Ahzab”, 33/21)
“Sen aýt: «Eý‚ ynsanlar! Men siziň hemmäňize Alla tarapyndan iberilen pygamberdirin. Gökler we ýer Onuň mülküdir. Ondan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. Ýaşaýşy beren-de‚ ölümi ýaradan-da Oldur. Sizem Alla we Onuň bütin sözlerine iman getiren ol ümmi pygambere‚ ol ilçä boýun boluň! Oňa ýürekden tabyn bolsaňyz‚ dogry ýoly taparsyňyz”. (“Araf”, 7/158)
Hezreti Enesiň aýtmagyna görä, Resulullah şeýle diýipdir: “Kim meniň unudylan bir sünnetimi gaýtadan dikeltse, onuň meni söýdügidir. Kimem meni söýýän bolsa, ol meniň bilen bileder”.[2]
Ýene-de: “Sünnetime mäkäm ýapyşan kişi jennete girer”.[3] “Ymmatyma bozuklyk aralaşan döwürleri kim meniň sünnetime berk ýapyşsa, ýüz şehidiň sogabyny gazanar”.[4] “Kim sünnetimi gaýtadan dikeltse meni söýdügidir, meni söýen bilen biz jennetde bilediris”.[5]
“Ymmatyma agzalalyk aralaşan döwürleri Pygamber sünnetine uýmaklyk edil aýaňda közi saklan ýaly kyn boljakdyr”.[6]
“Eý‚ iman getirenler! Alla we Onuň ilçisi size ebedi ýaşaýşa ýetirjek hakykata çagyryp durka, Oňa boýun boluň! Bilip goýuň! Alla ynsan bilen onuň kalbynyň arasyna girer (islese onuň arzuwyny amala aşyrmagyna päsgel bolar) we siz soň Onuň huzurynda jemlenersiňiz”. (“Enfal”, 8/24)
“Şeýle diý: «Allaha we pygambere tabyn boluň! Eger (olar) ýüz öwürseler, bilip goýsunlar, Alla kapyrlary halamaz»”. (“Aly-Imran”, 3/32)
“Kim Allaha we Onuň ilçisine garşy çykyp, Onuň (Allanyň goýan) çäklerinden aşsa, Ol (Alla) ony ebedi galmak üçin oda salar. Onuň üçin ryswa ediji azap bardyr”. (“Nisa”, 4/14)
Allanyň Resuly geljekde boljak hadysalar hakynda gürrüň açyp, şeýle diýýär: “Ysraýyl ogullarynyň başyndan näme geçen bolsa, meniň ymmatymyňam başyndan geçjekdir. Hatda olardan biri hiç hili utanman ejesine ýanaşan bolsa, ymmatymdanam bu ýigrenji işi eden hökman tapyljakdyr. Onsoňam Ysraýyl ogullary ýetmiş iki pyrka (topara) bölünipdi. Meniň ymmatymam ýetmiş üç pyrka bölünjek. Olaryň ýekejesinden galan hemmesi otdadyr”.
“Ol pyrka haýsyka?” diýip soralanda, Resulullah: “Meniň hem-de ashabymyň ýolundan aýrylmaýanlar” diýip, jogap berdi.[7]
Sahabalardan Irbaz Ibn Sariýe gürrüň berýär: «Bir gün Resulullah Serwerimiz bile namaz okadyk. Namazdan soň ol ýüzüni jemagata öwürdi-de biziň bilen täsirli gürrüň etdi. Oturanlaryň gözleri ýaşdan dolup, ýürekleri heýjana geldi. Aramyzdan biri: “Eý, Allanyň Resuly! Bu günki gürrüňiňiz hoşlaşyk sözlerini ýadyňa salýar, bize ýene näme öwüt-nesihat edersiňiz?” diýip sorady. Resulalla şeýle jogap berdi: “Takwany elden bermäň, başyňyzdaky adam hebeşli bir gulam bolsa, oňa tabyn boluň, oňa boýun boluň. Çünki ýaşap ýörseňiz görersiňiz, menden soň araňyzda köp pitne çykar. Şonda siz sünnetimden we «raşit halyflaryň» ýolundan hergiz aýrylmaň, olara uýuň we olaryň bir diýenini iki gaýtalatmaň. Bidgatlardan hem ägä boluň. Sünnete we dine ters gelýän islendik zat bidgatdyr, islendik bidgatam dalalatdyr, dogry ýoldan çykmakdyr”.[8]
Alla bilen Muhammet ymmatynyň arasyndaky gatnaşyk şuňa meňzeýär: bir adam jaý salýar, şol jaýda zyýapat bermek üçin çaparyna jar çekdirýär. Adamlar çaparyň habaryny eşidip, şol jaýa gelýärler we zyýapatdan göwünlerini hoşlaýarlar. Bu tymsalyň düýp manysy şundan ybarat : ol jaý Jennetdir, öý eýesi Alladyr, ol çapar Muhammetdir (aleýhissalam). Oňa boýun bolup, onuň getiren habaryna gulak asan Allaha gulak asýandyr. Oňa garşy gidenem Allaha garşy gidýändir. Hawa, hezreti Pygamber (aleýhissalam) (hudaýa ynanýan bilen ynanmaýan adamy) biri-birinden tapawutlandyrypdyr.[9]
Ýene-de hezreti Pygamber (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýipdir: “Meniň iberilmegim hem-de Allanyň meniň bilen iberen habary şeýle adamyň bolşuna meňzeş. Bir adam öz kowumynyň ýanyna gelip: “Men hut gözüm bilen duşman goşunyny gördüm, üstüňize howp abanýandygyny size habar berýärin, geleňsizlik edip duşmana üstüňizi basdyraýmaň!” diýer. Ol adamyň gepine ynanýanlar garaňky düşen badyna ümsüm ol ýerden daşlaşmak bilen bolar. Birentegem ony ýalançy saýyp, ýerlerinden butnamaz. Emma daň atar welin, duşman üstlerine dökülip, olary gyran-jyraňa berer. Ine, şu tymsal maňa boýun bolup, getiren habaryma uýanlar bilen, maňa baş göterip, Alladan getiren habarymy ýalan saýanlaryň bolşuny görkezýär”. [10]
Aleýhissalatu wessalam ýene bir ýerde şeýle diýýär: “Meniň bolşum bilen siziň bolşuňyz şuňa meňzeýär: bir adam ot ýakar, ot töweregi ýagtyldar weli, gije uçýan kebeleklerdir ýagtyny halaýan jandarlaryň bary oda tarap haýdarlar we özlerini oda urmaga başlarlar. Ol adamam şol jandarlary otdan halas etjek bolup jan eder. Emma janawerler köplük bolany üçin, (eýgertmez,) üýşüp özlerini oda atarlar. Menem edil şol adam ýaly, sizi otdan alyp galjak bolýaryn, donuňyzyň syýyndan şunça çekýärinem welin, şonda-da siz bar güýjüňiz bilen oda tarap haýdaýarsyňyz”.[11]
[1] Buhary, “Sahih” 6/2655 (6851)
[2] Taberany, “Mu’jemüs-sagyr” 2/100 (856)
[3] Tirmizi, “Sünen” 5/46 (2678)
[4] Münziri, “Et-Tergib wet-terhib” 1/41 (65)
[5] Taberany, “Mu’jemüs-sagyr” 2/100 (856)
[6] El-Hindi, “Kenzul-ummal” 1/328 (937)
[7] Taberany, “Mujemul-kebir” 8/152 (7659)
[8] Ebu dawud, “Sünen” 2/610 (4607)
[9] Buhary, “Sahih” 6/2655 (6852)
[10] Ahmet bin Hanbel, “Müsned” 5/60 (20624)
[11] Buhary, “Sahih” 5/2379(6118)