«Fatiha» süresi

Bu süre ýedi aýatdan ybarat bolup, pygamberligiň irki döwürlerinde Mekgede inýär. Bir wagtyň özünde tutuşlygyna inen ilkinji süredir. Kurany Kerim bu süre bilen başlaýar, şonuň üçin oňa arap dilinde «Fatiha», ýagny «Bir ýeriň başlangyç nokady ýa-da bir zadyň başlangyjy» diýen manyda at berilýär. Galyberse, bu süräniň belent waspy ýigrimä golaý aňlatmalarda öz beýanyny tapýar. Meselem, ony başgaça şeýle atlandyrýarlar: namazda okamak wajyp bolandygy üçin «Süretus-salat»; Haktagalanyň beýik dergähinde saklanýan hazynalardan gelip gowşan beýik manylary özünde jemleýändigi üçin «Kenz»; hakykaty gözleýän adama diňe şonuň özüni okamak ýeterlik boljakdygy üçin «Wafiýa» ýa-da «Kafiýe»; Kurandaky süreleriň ählisiniň özenine, maňzyna barabardygy üçin «Ümmül-Kitab» ýa-da «el-Esas». Gysgadan çuňňur manylara eýe bolan bu süre, hakykatdanam, Kurany Kerimiň düýp mazmunyny açyp görkezýär, Yslamyň esaslaryny özünde jemleýär. KuranyKerimiň düýp mazmuny aşakda sanalan düşünjelerden ybaratdyr:

  • Towhyd – Haktagalanyň ýeke-täkligi
  • Nubuwwet – pygamberligiň haklygy
  • Ahyret – o dünýäniň barlygy
  • Ybadat we adalat

1. Rahman we Rahym Allanyň ady bilen

2. Hamdy-senalardyr öwgüleriň, öwgüli sözleriň ählisi älemleriň Rabbi Alla üçindir.

3. Ol Rahmandyr, Rahymdyr.

4. Din (hasap) gününiň ýeke-täk eýesidir.

Haktagalanyň «Älemleriň rabbi» diýip sypatlanyp gelmegi Kuranyň bütin adamzada seslenýändigini, «Rahman we Rahym» sypatlary bolsa Allatagalanyň rehmetiniň tutuş älemi gurşap alandygyny aňladýar.

Süräniň başynda «Hamdy-senalardyr öwgüleriň ählisi Alla üçindir» diýlip umumy kesgitleme berilýär. Şu ýerde: « Hamdy-senalardyr öwgüleriň ählisi näme sebäpden Alla üçindir?» diýen sowalyň ýüze çykmagy ahmal. Ine, şuňa meňzeş sowallaryň aradan aýrylmagy üçin käbir ylahy sypatlar ýörite agzalyp geçilipdir. Ýagny hamdy-senalardyr öwgüleriň ählisi Alla üçindir, sebäbi Ol älemleriň Rabbidir, barlyklaryň ählisini ýaradan hem-de olaryň ýaşaýşyny üpjün edendir. Hamdy-senalardyr öwgüleriň ählisi Alla üçindir, sebäbi Ol Rahmandyr, Rahymdyr, deňsiz-taýsyz ajaýyp älemi merhemeti bilen bar edendir. Gündir Aýy, has dogrusy, tutuş älem-jahany ösümlikdir haýwanlaryň döremegi üçin ýaradandyr. Janly-u-jansyz ähli barlygy bolsa, adam üçin ýaradypdyr. Galyberse-de adam diňe bu dünýäde ýaşamak üçin ýaradylmandyr. Bu dünýäde adamyň egnine agyr jogapkärçilik ýüklenipdir, ýagny ol Allatagalanyň ýerdäki wekili hökmünde wagtlaýyn iberilipdir. Adamyň esasy mekan tutunmaly ýeri bolsa, ebedi ahyret ýurdudyr. Ine, Allatagala şol ahyret ýurdunyň hem ýeke-täk eýesidir, hökümdarydyr.

5. (Onuň ýaly bolsa şeýle diýiň:) Diňe Saňa ybadat edýäris, diňe Senden kömege garaşýarys!

Äleme akyl ýetirmäge çalyşýan adam, Allanyň barlygyny delillendirmäge hökman zat tapar. Süräniň başyndan dördünji aýata çenli Allatagalanyň deregine at çalyşma hökmünde «Ol» sözi ulanylýar. Dördünji aýatdan başlap, Allatagalanyň barlygyna akyl ýetirmeklik prosesi hasam ösdürilýändigi üçin Alla edil göz bilen görýän ýaly «Sen» diýip ýüzlenilip başlanýar. Onsoň şol mertebede «Diňe Saňa ybadat edýäris, diňe Saňa çokunýarys we diňe Seni söýýäris, Rabbim!» diýilýär. Ýene bir tarapdan, Allatagala müminleriň ählisini bir ýere jem bolan ýagdaýda görmek isleýär. Şonuň üçin bu aýatda «Saňa ybadat edýäris» diýilipdir, ýagny adam öz ybadatyny aýratynlykda däl-de, dünýädäki müminleriň ählisiniňki bilen bilelikde Alla sunýar, ol beýleki musulman doganlarynyň doga-dileglerinden hümmet tapýar, güýç alýar we şatlygyna şatlyk goşýar.

Adamzady geçmişi bilen tutuşlygyna, hatda tutuş älemi, bu dünýäni we ahyreti, ezelden ebede barlyklaryň ählisini gurşap alyp biljek derejede giň many giňişligine eýe bolan bu süre beýik Biribaryň älem-jahany tutuşlygyna bir wagtyň özünde düýp-teýkary bilen görüp bilýändiginiň, ýagny «Rabbul-älemindiginiň» aýdyň subutnamasydyr. Bäşinji aýatyň başlamagy bilen adam özüniň Ýaradyjysy bilen ähtleşýär. Allatagala özüne boýun sunup, ybadat edýän bendesine bu dünýäde ýardam bermegi, oňa dogry ýoly görkezmegi, ahyretde bolsa jennete salmagy äht edýär.

6. Bizi dogry ýola, Saňa barýan ýola gönükdir!

7. Bizi lutfy-keremiňe eýe bolanlaryň ýoluna gönükdir! Gazaba duçar bolanlaryň hem-de azgynlaryň ýoluna gönükdirme!

Soňky aýat dogry ýoly maddylaşan görnüşde suratlandyrýar. Ýagny musulman adamy giň, göni ýoldan gidip barýan pygamberler kerweniniň yzyna dakyp goýberýär. Şunlukda, adamyň yzyna eýermek üçin nusgalyk şahsyýet gözlemek islegine jogap berilýär. «Fatiha» süresi okalandan soň «Aýdylanlar hasyl bolsun!» diýen manyda «Amin!» diýmeklik sünnetdir.