“Biz seni şaýat, buşlaýjy we duýduryjy edip iberdik. (Eý, müminler!) Biz (pygamberi) siziň Allaha we Onuň ilçisine iman getirmegiňiz, oňa goldaw bermegiňiz, oňa sarpa goýmagyňyz we ertir-agşam Allany tesbih etmegiňiz üçin (iberdik)”. (“Feth”, 48/8-9)
“(Kyýamat) güni her ymmatdan olara (ymmatlaryna) özlerinden bolan bir şaýady getireris. (Eý, Muhammet!) Seni hem öz (ymmatyňa) şaýat hökmünde getirip diňläris. (Eý, Resulym), ine saňa her bir zady düşündirýän, musulmanlara dogry ýoly görkeziji, durşy bilen rahmet we söýünji bolup duran kitaby inderdik”.
“Şeýlelikde Biz sizi, adamlaryň arasynda Hakyň şaýady bolaryňyz ýaly, Pygamberem size şaýatlyk eder ýaly, orta ýolda ýöreýän nusgalyk ymmat eýledik”. (“Bakara”, 2/143)
“Allanyň ýolunda ähli gaýratyňyz bilen jihat ediň/söweşiň. Bu wezipä laýyk görüp, adamlaryň arasyndan sizi saýlan Oldur. Ol size din babatda hiç hili kynçylyk getirmedi. Baryň onda, ataňyz Ybrahymyň dinine! Pygamberiň size, siziň bolsa beýleki adamlaryň arasynda Haka şaýat bolmagyňyz üçin, size mundan öň hem, bu Kuranda-da “musulmanlar” adyny beren Oldur. Hany onda, namaz borjuny bolmalysy ýaly berjaý ediň, zekaty beriň we Alla tüýs ýüregiňiz bilen baglanyň. Ol siziň Hossaryňyzdyr. Ol nähili ajaýyp Hossardyr we Kömekçidir!”. (“Haj”, 22/78)
Hakykatdanam Alla, olaryň öz aralaryndan birini Öz (Allanyň) aýatlaryny olara okasyn, olary her hili erbetlikden saklasyn, olara kitaby we hikmeti doly öwretsin diýip ilçi hökmünde ibermek bilen müminlere bihasap ýagşylyk edendir. Sebäbi olar mundan öň äşgär ýalňyş ýoldadylar”. (“Aly-Imran”, 3/164)
“Size öz araňyzdan şeýle bir pygamber geldi welin, siziň çekýän kynçylygyňyz oňa gaty agyr degýär. Ol siziň üstüňizde kökenek gerer, ol müminlere gezek gelende örän mähirli hem merhemetli”. (“Toba”, 9/128)
Hezreti Pygamberiň daşyndaky adamlar bilen mylakatly bolmaklygy Allanyň merhemetiniň bir ülüşjagazyny äşgär edýär . Eger ol (s.a.w.) doňýürek, gödek biri bolanda, töwereginde adam galmazdy. Hezreti Pygamber adamlaryň günäsini ötdi, Alladan musulmanlary bagyşlamagy sorap dileg etdi we halk bilen bilen oturyp geňeşdi, olaryň pikirini sorady.[1]
“Sahabalar öz ýanlaryndaky Töwratda we Injilde sypatlary ýazylan ol ümmi (bisowat) Pygambere tabyn bolarlar. Ol Pygamber olara diňe dogry zatlary emir eder, erbetlikleri gadagan eder, olara päk zatlary halal‚ näpäk zatlary bolsa haram eder‚ gerdenlerindäki agyr ýükleri‚ arkalaryndaky zynjyrlary aýryp taşlar. Oňa iman getiren, ony goldan, oňa kömekçi bolan hem-de onuň bilen inderilen nura tabyn bolanlar bar-a, ana, hakyky halas bolanlar şolardyr”. (“Araf”, 7/157)
“Muhammet Allanyň ilçisidir. Onuň ýanyndaky müminlerem kapyrlara garşy ýowuz, öz aralarynda bolsa örän rehimlidir. Sen olaryň rukug edýändiklerini, sežde edýändiklerini, Allanyň lutuf-keremini we ryzasyny gözleýändiklerini görersiň. Olaryň alamaty ýüzlerindäki seždäniň yzydyr, seždäniň nurudyr. Bu olaryň Töwratda agzalan aýratynlyklary bolup, Injilde agzalan aýratynlyklary-da şeýledir: bir ekin ýerden gulpagyny çykarar, soňra barha güýçlener, şeýlelikde has ýognar-da öz göwresine daýanar. Onuň bolşy ekini ekenleriň göwnüni galkyndyrar, kapyrlaryň bolsa gaharyny getirer. Edil şeýle-de, Alla ýagşy işler edýänlere ýalkaw we uly sylag taýýarlap goýandyr”. (“Feth”, 48/29)
“Yslamy kabul etmekde ilkinjileriň hatarynda orun alan muhajyrlar bilen ensar hem-de olara gowulyk bilen eýerenler bar-a! Alla olardan razydyr‚ olaram Alladan razy boldular. Alla olara içinden derýalar akyp duran jennetleri taýýarlady. Olar ol ýerlerde ebedi galarlar. Ine‚ bu iň uly üstünlikdir!” (“Toba”, 9/100)
“Hakykatdanam, Alla (Hudeýbiýede) ol agajyň aşagynda saňa biat edenlerinde (gol bermek) müminlerden razy boldy. Olaryň kalbynda yhlasyň bardygyny bileni üçin olaryň üstüne sekine (ynjalyklyk, arkaýynlyk) inderdi. Olary tiz wagtda amala aşan ýeňiş hem-de alynjak köp sanly olja bilen sylaglady. Alla ezizdir we hakimdir (Gudraty güýçlüdir, höküm we hikmet eýesidir)”.(“Fetih”, 48/18-19)
“Alla Pygamberiniň, söweşe gatnaşmak islemeýänlere rugsat berendigini bagyşlaýyşy ýaly, aralaryndan käbirleriniň ýüreginiň başga tarapa meýil edip ugran pillesi, şeýle kyn pursatda, Pygambere tabyn bolan muhajyrlar bilen ensara-da toba etmäge ukyp-başarnyk berdi, soňam olaryň tobalaryny kabul etdi. Sebäbi Ol, olara gezek gelende, diýseň mähirlidir, diýseň rehimlidir. Alla söweşden galan we özleri hakdaky höküm yza süýşürilen ol üç kişiniň tobasynam kabul etdi. Sebäbi olar şeýle bir darykdylar welin, dünýä şonça giňligine garamazdan olara dar göründi. Wyždanlary olary barha-da berk gysdy. Ahyry olar Allanyň jezasyndan gutulmagyň, ýene Allanyň öz gapysyna sygynmakdan başga çäresiniň ýokdugyna göz ýetirdiler, şondan soň öňki oňat ýagdaýlaryna dolanyp barsynlar diýip, Alla-da olaryň tobasyny kabul etdi. Çünki Alla tobalary kabul edijidir we diýseň rehimlidir”. (“Toba”, 9/117-118)
“Allanyň peşgeşi bolan bu oljalar hijret eden garyplara degişlidir. Olar Allanyň lutuf-keremini we ryzasyny gazanmak üçin, Allanyň dinine we ilçisine goldaw bermek üçin ýurtlaryndan hem emläklerinden jyda düşdüler. Ana, imanlarynda sadyk we Haka ak ýürekden ynanýanlar şolardyr. Bulardan öň Medinede ýurt tutunyp, imana gelenler bolsa, öz ýaşap oturan ýerlerine hijret edenleri söýerler, berlen oljalar sebäpli olara görübilmezçilik etmez we şol oljalara isleg bildirmezler…..”
Mundan bu ýana aýat terjimeleri üçin Türkmenistanyň müftüliginiň gurhanyna salgylansaňyz gowy bolarmyka öýdýän. Şeýle-de aýatlaryň köpüsini şondan alypsyňyz. Ýöne şolary ellemän, bolşy ýaly goýsak has ýerlikli bolaýjak ýaly.
Hadyslaryň terjimesi has çeper bolmalymyka diýýärin. Çeper bolmaly diýenimde nämäni göz öňünde tutýanymy özüňiz gowy bilýäňiz: agyarina mani efradina jami.
[1] Ser: “Aly-Imran”, 3/159